SPORT

Amerikaly janköýerleriň saýlan iň ökde türgenleri

“Morning Consult” seljerme kompaniýasy amerikaly sport janköýerleriniň arasynda pikir soraşma geçirdi. Şonuň netijelerine görä, amerikalylar taryhdaky iň güýçli türgenleri saýlady. Bu ugurda birinji orny Maýkl Jordan eýeledi.

Pikir soraşma gatnaşan janköýerlerden sportuň esays ugurlary boýunça iň ökde türgenleri saýlamak teklip edildi. Bu seljermede iň köp sesi “Çikago” toparynyň ady rowata öwrülen goragçysy Maýkl Jordan birinji orny eýeledi.

Amerikan futbolynda 7 gezek çempion bolan Tom Bredi ikinji orny, dünýä belli boksçy Muhammed Ali bolsa üçünji orny eýeledi.

ABŞ-nyň ady belli basketbolçylary Kobe Braýant we Lebron Jeýms bolsa, degişlilikde 5-nji we 6-njy orunlary eýeledi.

Şeýle hem amerikaly janköýerler bu sanawda 8-nji orny Argentina bilen dünýä çempionlygyny gazanan Lionel Messä berdiler. Golaýda aradan çykan futbolyň şasy we ägirdi Pele bolsa 9-njy orny eýeledi.

Sanawda zenan türgenlerden tennisçi Serena Uilýams 10-njy orny eýelemegi başardy.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri