BIZNES

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar

h1b wiza

Amerikanyň Department of Homeland Security (DHS) edarasy H-1B zähmet wizasy boýunça saýlama düzgünlerine möhüm üýtgeşmeleriň girizilýändigini mälim etdi. Täze düzgünler amerikaly işgärleriň aýlygyny, iş şertlerini we iş mümkinçiliklerini goramak maksady bilen, has ýokary hünärli we has ýokary aýlyk alýan daşary ýurtly hünärmenlere ileri tutulmagyny göz öňünde tutýar.

Täze düzgünlere laýyklykda, H-1B wizasy üçin ozal ulanylýan tötänleýin lotereýa ulgamy ýatyrylýar. Onuň ýerine, dalaşgärleriň hünär derejesine we hödürlenýän aýlygyna baglylykda agramly (weighted) saýlama ulgamy girizilýär. Bu bolsa has ýokary hünärli we has ýokary aýlykly hünärmenleriň saýlanmak mümkinçiligini artdyrar.

H-1B wizasy boýunça esasy maglumatlar

Her ýyl 65 000 sany H-1B wizasy berilýär. ABŞ-da ýokary derejeli (magistr ýa-da doktor) diplomy bolanlar üçin goşmaça 20 000 wiza göz öňünde tutulýar.

Täze düzgünler ähli aýlyk derejelerinde dalaşgärler üçin mümkinçilikleri saklamak bilen bir hatarda, ýokary aýlykly we ýokary hünärli dalaşgärlere artykmaçlyk berer.

DHS-niň bellemegine görä, bu düzgün H-1B maksatnamasynyň bitewiligini berkitmek ugrunda atylan möhüm ädimdir. Şeýle-de bu üýtgeşme öň kabul edilen beýleki çäreler bilen utgaşýar. Şolaryň arasynda Prezidentiň karary esasynda, iş berijilerden her bir wiza üçin goşmaça 100 000 ABŞ dollary tölemegi talap edýän düzgün hem bar.

Täze düzgün 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyndan güýje girer we 2027-nji maliýe ýylynyň H-1B wiza hasaba alyş möwsüminde ulanylar. Bu barada täzelik bolsa, habarlary we maglumaty paýlaşmaga dowam ederis.

 

 

 

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

Balkan welaýatynda döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň iri sergisi geçiriler

Gökdepe etrabynyň çäginde arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhana açyldy

Bäherdende talh öndürýän kärhana açyldy

Hytaý «Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan» demir ýoly maliýeleşdirýär