DÜNÝÄ

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2026-njy ýylyň 11-nji martynda “Federal Register”-da çap eden täze düzgünnamasy bilen 2027-nji ýylyň “Green” kart wiza maksatnamasy (DV-2027) boýunça möhüm üýtgeşmeleri yglan etdi. Täze düzgün 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde güýje girýär.

Täze düzgünlere görä, “DV” maksatnamasyna gatnaşmak isleýän dalaşgärler mundan beýläk möhleti gutarmadyk hakyky pasportynyň maglumatlaryny görkezmeli we pasportyň biometrik hem-de gol goýlan sahypasynyň sanly nusgasyny elektron arza bilen birlikde ýüklemeli bolarlar.

Döwlet departamenti bu çäräniň maksatnamanyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we galplyga garşy göreşi güýçlendirmek maksady bilen girizilendigini belleýär. Resmi maglumatlara görä, diňe “DV-2025” möwsüminde 2,5 milliondan gowrak galp ýa-da gaýtalanýan arza ýüze çykarylypdyr.

Şeýle-de täze düzgünlere laýyklykda, “DV” maksatnamasyna gatnaşmak üçin 1 ABŞ dollary möçberinde elektron hasaba alyş tölegi girizilýär. Bu töleg ähli dalaşgärlerden ýygnalar we ýeňillik göz öňünde tutulmaýar. Bellemeli zat, 1 dollarlyk töleg baradaky düzgün ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda yglan edilipdi.

“DV-2027” boýunça resmi arza kabul ediş senesi häzirlikçe yglan edilmedi. Mälim bolşy ýaly, “Green” kart boýunça arzalar adatça her ýylyň oktýabr–noýabr aýlarynda kabul edilýär we netijeler indiki ýylyň maý aýynda yglan edilýärdi. 2027-nji ýyl üçin arzalar 2025-nji ýylyň oktýabrynda başlamalydy, emma şu güne çenli resmi yglan edilmedi.

2026-njy ýylyň mart aýynda kabul edilen täze düzgünleriň “DV-2027”-den başlap ulanyljakdygy aýdylýar. Indi şeýle sorag ýüze çykýar: Eýsem 2027-nji ýyl üçin ýakynda arza kabul edişlik başlanarmy? Bu barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Täze düzgün 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde güýje girýändigi sebäpli, şol seneden soň “DV-2027” boýunça goşmaça maglumatlaryň peýda bolmagyna garaşylýar.

Şonuň üçin ABŞ-nyň resmi edaralarynyň maglumatlaryny yzygiderli yzarlamak möhümdir. Biz “Ata Watan Media” hökmünde bu ugurdaky täzelikleri dowamly yzarlaýarys we täze maglumatlar ýüze çykan badyna “atavatan-turkmenistan.com” sahypamyzda paýlaşarys.

Bellemeli zat, eger “Green” kart yglan edilse, diňe özüňiz ýüz tutuň we bu boýunça haýsyda bolsa üçünji bir tarapyň teklibinden gaça duruň.

 

Resminamalaryň tejrimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Bellemeli zat, “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi “Green” kart, ne wiza ýa-da işe ugratmak ýaly ugurlarda hyzmat bermeýär, diňe resminamalaryň terjimesi boýunça hyzmat berýär,

 

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar