TEHNOLOGIÝA

“Amazon” onlaýn görnüşde awtomobil satyp başlar

Dünýä belli onlaýn söwda ägirdi “Amazon” kompaniýasy 2024-nji ýylda ABŞ-daky “Amazon” ulanyjylara awomobil satmak mümkinçiligi döredilip, satyn alyp boljak ilkinji awoulagyň “Hyundai” boljakdygy mälim edildi.

Müşderiler onlaýn tertipde awtoulaglary reňkine, daşky keşbine, aýratynlyklaryna seredip, satyn alyp bilerler. Olaryň saýlan awtoulagy üçin tölegleriň onlaýn amala aşyrylmagy bilen amatly wagtda ýerli araçy firmalar tarapyndan awtoulaglar eýelerine gowşurylar.

Bu ugurda “Amazon” bilen “Hyundai” kompaniýasynyň arasynda degişli ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem “Hyundai” kysymly awtoulaglarda “Amazon” kompaniýasynyň emeli aň kömekçi ulgamy oturdylar. Bu hem awtoulag eýelerine emeli aň kömekçi ulgamy arkaly aýdym, audio kitap ýaly mümkinçiliklerden peýdalanmaga şert döreder.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi