SÖHBETDEŞLIK

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Golaýda, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi “Instagram” sahypasynda Ýewropanyň merkezi ýurtlarynyň biri bolan Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinden hat gelip gowuşdy. Ol hatyň eýesi Fransiýa Respublikasynyň woleýbol çempionatynyň düzüminde çykyş edýän  “Levallois Paris Saint Cloud” woleýbol toparynyň tälimçisiniň kömekçisi wezipesinde işleýän Aly Agamyradow eken.

Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty hökmünde Fransiýa ýaly döwletde ildeşimiziň bardygyna guwanyp, onuň bilen onlaýn söhbetdeşlik gurnadyk.

Ildeşimiz eýýäm birnäçe ýyldan bäri Fransiýa Respublikasynyň woleýbol çempionatynyň düzüminde çykyş edýän  “Levallois Paris Saint Cloud” woleýbol toparynyň tälimçisiniň kömekçisi wezipesinde işläp gelýär.

Şu nukdaýnazardan, biz hem onuň sport durmuşa aralaşmagy, sporta bolan garaýşy, şeýle hem sportuň woleýbol görnüşine bolan gyzyklanmagy barada birnäçe sowallar bilen ýüzlendik.

Biziň onlaýn görnüşdäki söhbetdeşligimiziň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň okyjylar köpçüliginiň göwnünden turar diýip umyt edýäris.

– Salam Aly, ilki bilen özüňizi tanyşdyraýsaňyz.

– Men Aly Agaramyradow. 27 ýaşymda.  Türkmenistanyň Lebap welaýatynda dünýä indim. Mekdep döwründe sportuň woleýbol görnüşine gyzyklyp, 8 ýaşymdan bäri woleýbol oýnap gelýärin.

Mekdebi tamamlap, ýokary bilim almak üçin Türkiýe Respublikasyny saýlap aldy. 2013-2017-nji ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň Manisa şäherindäki Manisa Jelal Baýar uniwersitetinde woleýbol tälimçiligi ugrunda bakalawr boýunça bilim aldym. Uniwersitet ýyllarymda hem ýokayr okuw mekdebimiziň woleýbol toparynda oýnadym.

Okuwymyzyň soňky ýyllarynda çagalara woleýbol öwretmek maksady bilen mugallymlyk edip başladym. 2017-2020-nji ýyllarda bolsa, “Türgenleşik we hereket” ugry boýunça aspirantura okuwyny tamamladym. Şol döwürde Izmir şäherindäki “Arkas” toparynyň tälimçisi bolup, tälimçilik iş durmuşyna ädim ätdim.

2021-2022-nji möwsümde Fransiýanyň “Volero Le Cannet” toparynyň kömekçi tälimçisi boldum we şol ýyl toparymyz Fransiýanyň çempiony boldy. 2022-2023-nji ýylda bolsa, “Saint-Raphaël” toparynyň kömekçi tälimçisi boldum. 2023-24-nji möwsümde “Levallois Paris Saint Cloud” toparyna geçip, ol ýerde hem kömekçi tälimçi boldum we şu möwsümde toparymyz Fransiýanyň çempiony boldy.

– Sportuň adam durmuşyndaky ornuna nähili garaýarsyňyz?

Men çagalygymdan bäri sport aýratyn gadyr goýýaryn. Şonuň üçin sport meniň durmuşymyň aýrylmaz bölegi. Şol bir wagtda sport meniň durmuşymdaky hyjuwdyr.

– Sportuň woleýbol görnüşine has köp gyzyklanma bildirendigiňizi aýtmak bolarmy?

Dogry belläp geçdiňiz. 8 ýaşymda woleýbol oýnamaga başladym, durmuşym woleýbol bilen berk baglanyşyklydyr. 20 ýyla golaý wagtdan bäri woleýbol bilen meşgullanyp gelýärin. Şonuň üçin durmuşymda woleýbolyň orny uludyr.

– Sizi Fransiýa bilen woleýbol sportynyň arasynda baglanyşdyrýan güýç näme?

Soňky ýyllarda Ýewropada, has dogrusy Fransiýada sportuň woleýbol görnüşine bolan gyzyklanma barha artýar. sportuň bu görnüşi has özgerdi we özgermäge dowam edýär. Woleýboldaky bu özgertmeler meni Fransiýa alyp bardy.

– Fransiýada köp ýyllardan bäri woleýbol toparynyň tälimçisiniň kömekçisi bolup işleýärsiňiz. Bu ýerdäki üstünlikleriňiz barada aýdyp beräýseňiz?

Fransiýa ilkinji gelen ýylymda “Volero Le Cannet” toparynda kömekçi tälimçi boldum. Şol ýyl hem toparymyz Fransiýada çempion boldy. Bu üstünlik mende uly täsir galdyrdy. Sebäbi Fransiýa ýaly uly döwletiň çempionatynda toparyň çempion bolmagy aýratyn hem-de söz bilen beýan edip bolmaýan duýgudyr. bu ýurtdaky ilkinji üstünligimiz meniň Fransiýada galmagyma sebäp boldy.

– Woleýbol toparyňyzyň çempion bolmagy sizde nähili duýgulary oýardy?

 2023-24-nji möwsümde “Levallois Paris Saint Cloud” toparynda işläp başladym. Bu toparymyz hem özünde köp sanly ýakymly ýatlamalary jemleýän möwsümde çempion boldy. Bu üstünligiň aňyrsynda uly zähmet ýatyr. Şol zähmetiň höziri adamda üýtgeşik duýgulary oýarýar. Şeýle duýgular meni woleýbol sportuna has-da golaýlaşdyrýar.

– Şu ýylyň tomsunda Pariž şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler. Dünýäniň iň sport ýaryşynyň geçirilýän şäherinde ýaşamak nähili duýgy?

Hakykatdanam, ýene-de birnäçe aýdan Fransiýanyň ajaýyp paýtagty Pariž şäheri sport baýramçylygynyň şäherine öwrüler. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän şäherinde bolmakdan örän şatdyryn. Şäherde köp wagtdan bäri güýçli hem-de uly taýýarlyk görülýär. Men hem Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe bu sport baýramçylygyndan çetde durman, woleýbol ýaryşlaryna tomaşa etmegi maksat edinýärin.

Pariž şäherinde ýaşamak ajaýyp duýgy. Ýewropanyň iň köp syýahatçy kabul edýän bu şäheri hakykatdan hem owadan hem-de köp sanly syýahatçylyk mekanlaryny özünde jemleýär.
– Aly, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň
– Size hem köp sag boluň.

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym