SIZDEN GELENLER

Altyn güýz hakynda gyzykly maglumatlar

Bize mälim bolan tyllaýy güýz pasly Ýer ýüzüniň ähli ýerinde ýok. Mysal üçin, Ekwatorda hiç wagt güýz bolanok.

  • Russiýada we Ýer ýüzüniň demirgazyk şarynda güýz pasly sentýabr aýynda başlaýar we noýabrda tamamlanýar. Tersine Günorta ýarym şarda mart aýynda başlanyp, maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.
  • XVIII asyra çenli Russiýada güýz pasly düýbünden başgaça hasaba alyndy, ýagny ol 23-nji sentýabrda başlanyp, 23-nji dekabrda tamamlanypdyr.
  • Ýewropanyň ýurtlarynyň hemmesinde güýz aýlary sentýabr- noýabr aralygy hasaplanýar. Irlandiýada bolsa köp adamlar köne däbe eýerýär we güýz awgust aýynda başlanýar diýlip hasaplanýar.
  • Amerikaly alymlar geçiren synagynyň çäginde gyzykly statistika ýygnamagy başardylar. Netijede güýzde doglan adamlaryň ortaça beýleki aýlarda doglanlardan uzak ýaşaýandyklary öňe sürüldi.
  • Güýz depressiýasy düşünjesi ählimize tanyş bolsa gerek. Geçirilen gözleglere görä, ortaça her 100 adamdan 5-si güýz reňkinden ejir çekýär.
  • Meteorologiki sebäplere görä, atmosfera basyşynyň peselmegi ýylyň beýleki döwürlerine garanda güýzde has aýdyň ýüze çykýar, oňa esasan hem uly ýaşly adamlar duýgur bolýarlar.
  • Ýüze çykýan heläkçilikleriň köpüsi güýzde bolýar, ýagny bu ýagdaý ýagynyň güýçli ýagmagy, düşen ýapraklaryň köp ýygnanmagy we şemalyň täsirinde öwüsmegi bilen baglanyşykly. Şeýle ýagdaýlar pyýadalar, ýolagçylar üçin kynçylyklary döredýär.
  • “Güýz” sözi dürli dillerde “hasyl” diýmekligi aňladýar.
  • Ýapraklar diňe güýzde däl-de başga möwsümlerde hem düşýär, ekwatorial we tropiki zolaklardaky ösümlikleriň köpüsi ýapragyny dökýärler.
  • Sentýabr-noýabr aýlarynda doglan bäbejikleriň beýleki möwsümlerde doglanlara garanda 100 ýaşa çenli ýaşamak ähtimallygy ýokarydyr.
  • Alymlar global ýylylygyň güýz reňkine täsir edip biljekdigini öňe sürýärler.Ýer şary gyzdygyça ýapraklar reňkiniň üýtgemegini yza süýşürip başlaýar. Mundan başga-da ýapraklar düzümindäki glýukozany gyzyl pigmentiň emele gelmegi üçin däl-de, täze şahalaryň ösmegi üçin harçlaýarlar.

Oguljeren Hudaýnazarowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ilkinji habar beriÅŸ agentligi-“Reýter”

 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady