Kino dünýäsiniň abraýly sylaglaryndan bolan “Altyn globus” baýraklary gowşuryldy. 79-nji gezek geçirilýän “Altyn globus” baýrak gowşurylyş dabarasy Golliwuddaky daşary ýurtly žurnalistler bileleşigi (HFPA) tarapyndan gurnalýar.
Bu gezek bu abraýly baýrak gowşurylyş dabarasy koronawirus ýokanjy sebäpli hiç hili çäre geçirilmän, baýraga mynasyp bolanlar yglan edildi.
Baýraga mynasyp bolanlaryň atlary guramanyň “Twitter” jemgyýetçilik torunda ýerleşdirildi.
- Baş baýrak “Itiň güýji” filmine berildi. Jeýn Kempion bu filmi üçin “Iň gowy režissýor” baýragyna maynasyp boldy.
- «Iň gowy komediýa/mýuzikl» kategoriýasynda Stiwen Spilbergiň “Westsaýdyň taryhy” filmi baş baýragy aldy.
- Drama boýunça iň gowy aktýor baýragyna “Korol Riçard” filimdäki keşbi üçin Uil Smit, komediýa ugry boýunça bolsa “Tik-tak… BUM” filmindäki keşbi üçin Endrýu Garfild mynasyp boldy.
- “Iň gowy dramatik keşp” kategoriýasynda heýkeljigi “Rikador bolmak” filmindäki keşbi üçin Nikol Kidman eýeledi. Bu ugruň komediýa/mýuzikl kategoriýasynda Reýçel Zegler baýraga mynasyp görüldi.
- Aýdymçy Billi Aýliş “Iň gowy aýdym” ugry boýunça sylaglandy.
- Filmiň iň gowy aýdymy boýunça “Altyn globus” baýragyna Hans Simmer mynasyp boldy.
- “Disney” studiýasynyň “Enkanto” atly multfilmi “Iň gowy multfilm” hökmünde sylaglandy.
- Daşary ýurt dilindäki iň gowy film boýunça baýraga Ýaponiýanyň “Meniň maşynymyň ruluna geç” atly film mynasyp boldy.
- Telewideniýe bölüminde esasy aktýor baýraklary Keýt Winslet we Maýkl Kitona gowşuryldy.
- 77 ýaşly O Ýen-su “Kalmar oýny” atly filmindäki keşbi üçin ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi baýragyna mynasyp boldy.
“Altyn globus” Golliwudyň daşary ýurtly žurnalistler bileleşigi tarapyndan 1944-nji ýyldan bäri film we telewideniýe ulgamynda gowşurylýan sylagdyr. “Altyn globus” baýragy her ýylyň ýanwarynda Golliwudda ýaşaýan 90-a golaý halkara žurnalistiň sesi bilen sylaglanýar.