SPORT

“Altyn Asyr” topary sekizinji çempionlygyny gazandy

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary futbol çempionatymyzyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda sekizinji gezek çempionlyk derejesini gazanmagy başardy. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary bu abraýa 12-nji tapgyryň çäginde “Aşgabatdan” 4:0 hasabynda üstün çykanyndan soň eýe boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeleýän “Ahal” topary bu tapgyryň çäginde “Köpetdag” bilen geçiren duşuşygyny 2:2 hasabynda deňlikde tamamlady. Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy” myhmançylykda “Energetikden” 3:2 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, bu tapgyrdan soň “Ahal” toplan 23 utugy bilen ýaryş tertibinde eýeleýän ikinji ornuny saklap galdy. “Şagadam” topary 20 utugy bilen üçünji orunda ornaşdy.

Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Merw” topary myhmançylykda “Nebitçiniň” derwezesinden jogapsyz toplaryň ikisini geçirdi.

12-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 4:0
Gollar: 2 Selim Ataýew, 13 Rahman Myratberdiýew, 50 Merdan Muhadow, 60 Begençmyrat Myradow (“Altyn Asyr”)
Bellik: Duşuşygyň 68-nji minutda Berdimyrat Rejepow (“Altyn Asyr”) 11 metrlik jeribe urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.
Duýduryşlar: 52 Daýanç Nuryýew, 67 Döwran Berdiýew (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

“Energetik” – “Şagadam” – 2:3
Gollar: 26 Tirkiş Muhammetberdiýew, 63 Orazgeldi Seýidow (“Energetik”) – 14, 60 Kerim Hojaberdiýew, 18 (11 m.j.u.) Mekan Aşyrow (“Şagadam”)
Duýduryşlar: 2 Garly Garlyýew, 16 Orazgeldi Seýidow, 68 Perman Hallyýew, 84 Muhammet Işangulyýew, 88 Aşyr Jumadurdyýew, 90+2 Tirkiş Muhammetberdiýew (“Energetik”) – 21 Möwlam Goşşanow, 39 Farhad Italmazow, 76 Mekan Aşyrow (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

“Nebitçi” – “Merw” – 0:2
Gollar: 6 Kemal Annamuhammedow, 47 Pirmyrat Gazakow (“Merw”)
Duýduryşlar: 19 Alibek Abdyrahmanow, 75 Maksat Çagbalyýew, 87 Wladislaw Kopaýew (“Nebitçi”) – 19 Azat Orazmuhammedow, 58 Arslan Ýusubow, 73 Amangeldi Saparow (“Merw”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

“Ahal” – “Köpetdag” – 2:2
Gollar: 47 Meýlis Diniýew, 90+7 Bagtyýar Gürgenow, öz derwezesine (“Ahal”) – 39 Ýazgylyç Gurbanow, 80 Şöhrat Söýünow, öz derwezesine (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 69 Selim Nurmyradow (“Ahal”) –83 Döwletýar Berdiýew (“Köpetdag”)
Meýdandan çykarylan: 69 Elýas Akyýew (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Altyn Asyr» 12 10 0 2 25-13 30
2. «Ahal» 12 6 5 1 22-10 23
3. «Şagadam» 12 6 2 4 21-17 20
4. «Merw» 12 4 4 4 21-18 16
5. «Köpetdag» 12 3 6 3 18-17 15
6. «Aşgabat» 12 3 3 6 17-21 12
7. «Nebitçi» 12 2 4 6 4-13 10
8. «Energetik» 12 1 2 9 8-27 5

 

Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi