“Aloe Vera” ösümligi dykyz ýaprakly ösümlikdir. Bu ösümlik dünýäniň dürli künjeklerinde duş gelýär we ony häzirki wagtda adamlar tarapyndan hem uly gyzyklanma bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ösümligiň ýapragyndaky madda adamyň kellesine ulanylsa, onuň rahatlandyryjy häsiýeti bardyr. Şeýle hem ol saçlaryň we deriniň ideginde möhüm elementleriň biri hasaplanylýar.
Bu ösümlik esasan düzüminde witaminleri, aminokislotalary, ýag kislotalary we saçyň ösmegi üçin zerur bolan sink we mis elementlerini saklaýar.
“Aloe Vera”-nyň ýagynyň adam bedenine peýdaly taraplary içgin öwrenilýär. Onuň ýagy saçlara ýokary derejede ideg etmekde örän ähmiýetlidir. Ol zyýan ýeten saçlary berkitýär we bejerýär. “Aloe Vera”-da A, С we E witaminleri saç öýjükleriň gowy ösmegine ýardam berýär. Bu witaminler saçyň dökülmeginiň hem öňüni alýar.
“Aloe Vera”-da birnäçe peýdaly maddalaryň bar bolmagy Günden gelýän ýiti şöhlelerden adamyň kellesini goramaga hem ýardam berýär.
Saçlar we deri örtügi üçin “Aloe Vera”-nyň ulanylmagy gan aýlanyşyga hem oňaýly täsir edýär. Çünki, bu ösümligiň ýagy peýdalanylanda ol deriniň üsti bilen gana geçip, gan üpjünçiligini gowlandyrýar.
“Aloe Vera”-nyň ýagyny beýleki saç üçin peýdalanylýan serişdelerden öň ulanmaklyk saçlary arassa saklamaga, olaryň ýalpyldawuk we ýumşak bolmagyna ýardam edýär.
“Aloe Vera”-nyň ýagy saçlarda döreýän kepege garşy ulanmaklyk hem has-da netijeli bolar.
Ataýew Mustapaguly
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby
Birža täzelikleri: özbek täjirleri el halylaryny satyn aldy