PEÝDALY MASLAHAT

Almaly köke

Gerekli önümler:

3 bulgur (250ml) un

Otag temperaturasynda 250 gram mesge ýa-da margarin

1 nahar çemçesi gatyk

1 çaý çemçesi hamyr tozy

Gyrgyçdan geçirilen 1 limon gabygy(islege görä)

1 käse pudra şekeri

3 sany orta boýda gyrgyçdan geçirilen alma

1 çaý çemçesi darçyn

1 kiçi bulgur şeker

1 käse ezilen hoz (islege görä)

Taýýarlanylyşy:

Gyrgyçdan geçirilen alma, darçyn we şeker kiçi gazana atylyp, almalar şirelerini goýberýänçä orta otda bişirilýär we bişenden soň sowamaga goýulýar. Sowandan soň içine hoz atmaly.

Aýry bir gapda undan başga hamyra degişli önümleri atyşdyryp, gowy edip garmaly. Soňra ýuwaş-ýuwaşdan un goşup, eliňize ýapyşmajak ýumşak yzygiderlilik bilen ýugrulýar. Uny gaty köp goşup, hamyryňyzy gaty etmeli däl. Ýugrulan hamyry tagta alyp, 5 deň bölege bölmeli. Bölen hamyrlarymyzy aýamyz bilen tegeleklemeli. Bir bölek hamyry tagta alyp, aşagyna we üstüne unjagaz sepip, ýarym santimetr galyňlykda ýaýmaga başlalyň. Ýaýylan hamyry ilki dört bölege böleliň we her bölegi 2-ä bölýäris. (Şeýlelik bilen jemi 8 üçburçluk bolar). 1 çaý çemçesi sowadylan almany bölünen hamyrymyzyň üstüne goýup, saramaga başlalyň. Her bölek üçin şol bir işi ýerine ýetireliň.

Şekil beren kökelerimizi kagyz goýlan tabanyň üstüne ýerleşdirmeli. Öňünden gyzdyrylan tabamyzy 170 gradus peçde 20 minutlap bişirmäne goýalyň. Kökelerimiziň aşagy çala gyzaran dessine peçden çykarmaly. Almaly kökämizi biraz sowandan soň üstüne pudra şekerini sepip taýyn etmeli.

Işdäňiz açyk bolsun!

 

Magtymguly Myşşyýew:«Ynanman, «könelýär söýgi» diýseler»

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Türkmenistanda 26-njy ýanwar -1-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty