SIZDEN GELENLER

Alma sirkesi peýdaly önüm

Soňky wagtlarda adamlaryň arasynda alma sirkesiniň peýdaly taraplary barada uly gyzyklanmalar ýüze çykdy. Özüniň düzüminde ýokumly maddalaryň birnäçesini saklaýan almanyň sirkesi köp ýyllardan bäri ulanylyp gelinýändigi barada ylmy maglumatlarda aýdylýar.

Bu önümiň düzüminde magniý, demir, fosfor we marganes ýaly elementler hem-de aminokislotalar we antioksidantlar bardyr. Bir nahar çemçe alma sirkesiniň energiýa berijiligi 3 kilokaloriýa deňdir.

Alma sirkesiniň peýdaly taraplary aşakdakylar bilen häsiýetlendirilýär:

  • Iýmit siňdiriş ulgamyny gowlandyrýar;
  • Ganyň düzümindäki şekeriň mukdaryny peseldýär;
  • Insuliniň duýgurlygyny ýokarlandyrýar;
  • Horlanmaklyga kömek edýär;
  • Holestrini peseldýär;
  • Gan basyşyny peseldýär;
  • Ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar;
  • Rak keseliniň öýjükleriniň ösüşini haýalladýar;
  • Adamyň garramagyna garşy aýratynlyklary bar;
  • Saçyň saglygyny gowulandyrýar.

Häzirki wagtda adamlaryň aglaba köpüsi has sagdyn we ekologiýa taýdan arassa önümleri ulanmaklygy maksat edinýärler hem-de olar arkaly öz ýaşaýyşlaryny gowulandyrmaga çalyşýarlar.

                                                                             Durdymyrat Annaýew,                                                                    S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

 

S.Berdimuhamedow DaÅŸkentde saparda bolar

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri