SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Allergiýanyň öňüni nädip almaly?

Häzirki sepgit döwründe howanyň üýtgemegi, şeýle-de agaçlaryň gülläp, tebigatyň janlanmagy bilen, käbir adamlarda allergiýa ýagdaýy ýüze çykýar. Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Bu barada Aşgabat şäher hassahanasynyň iç keseller bölüminiň lukmany Aýlar Täçmedowanyň “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda bellenilip geçilýär.

Allergiýa ýagdaýy haýwanlaryň tüýleri, iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp, onuň dowamlylygy birnäçe minutdan, birnäçe güne çekip bilýär.

ALLERGIÝANYŇ ALAMATLARY

Burundan suwuklygyň akmagy, göz ýaşarmasy, asgyrma, bedende dörän uly bolmadyk örgün we beýleki ýagdaýlar allergiýanyň alamatlary bolup biler. Bu alamatlar bedene allergen düşenden soň, 15 minudyň dowamynda ýüze çykýar. Şonuň üçinem şeýle ýagdaý ýüze çykan dessine, gaýragoýulmasyz çäreleri görmek hökmandyr. Mundan başga-da, allergiýany döredip biljek dürli zatlardan gaça duruň! Dost-ýarlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz, işdeş ýoldaşlaryňyz hem-de size gözegçilik edýän lukmanlar (şol sanda diş lukmany, kosmetolog we başgalar) siziň belli bir zada allergiýaňyzyň bardygyndan habarly bolmalydyr.

ALLERGIÝA GARŞY GÖREŞMEK

Allergiýanyň ýeňil ýüze çykmasynda, oňa garşy ulanylýan ýörite dermanlardan, melhemlerden, damjalardan hem-de spreýlerden peýdalanyp bilersiňiz, ýöne ilkibaşda hökman lukman bilen maslahatlaşyň. Bu ugurda hünärmenleriň maslahaty zerurdyr. Eger-de allergiýa dermanlyk serişdesiniň netijesinde ýüze çykan bolsa, haýal etmän, derman ulanmagy bes etmeli hem-de lukmana ýüz tutmaly. Allergiýa ýagdaýynyň ýüze çykmagynyň anyk sebäbini bilmeýän bolsaňyz, ýöriteleşdirilen merkezlere ýüz tutuň we degişli barlagdan geçiň. Allergiýa garşy degişli derman serişdelerini ulanmak hem-de sanjymlary öz wagtynda almak jan saglygyňyzy gorap saklamaga ýardam eder.

Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, iki metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň! Eger-de nähoşlugyň ilkinji alamatlaryny duýsaňyz, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutuň!

 

Ýewropa Bileleşigi ýene-de bir sanjymy bellige aldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri