TEHNOLOGIÝA

Älemgoşar öwüşginli gulaklyklar

Beats kompaniýasy «Powerbeats Pro» atly täze simsiz gulaklyklarynyň dört sany täze reňkini yglan etdi. Älemgoşar reňklerini özünde jemleýän täze gulaklykar açyk sary, gülgüne, gyzyl we gök reňkleri öz içine alýar. Bu gulaklyklar “Apple” kompaniýasynyň web sahypasynda, dükanlarynda we beýleki söwda nokatlarynda 9-njy iýunda adaty 249 amerikan dollara barabar bahasy bilen elýeterli bolar.

“Powerbeats Pro” ilkinji gezek 2019-njy ýylyň aprelinde satuwa çykdy. Beats-yň önümleriniň täze reňklerini çykarmagy adaty bir zat hasaplanýar. Bu gulaklyklar aşakdaky şertleri özünde jemleýär.

  1. Dokuz sagada çenli üznüksiz batareýa ömri
  2. IPX4 suwa garşylyk
  3. Ygtybarly ýerleşdirmek üçin sazlanylýan gulak çeňňekleri
  4. Ses we yzarlaýyş dolandyryşlary üçin her gulakdaky fiziki düwmeler

Öňküsi ýaly, gulaklyklaryň haýsy reňkine garamazdan zarýad beriş gaby gara. Gynansakda, Beats entek «Powerbeats Pro» üçin simsiz zarýad beriş çözgüdini hödürlemedi.

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy