DÜNÝÄ

Aleksandr Wan der Belleni gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň halklarymyzyň abadançylygyna uly goşant goşjakdygyna pugta ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri, Awstriýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi