Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejeli dabaralara, taryhy wakalara, giň gerimli çärelere beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi.
Häzirki ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr çäreler ýurdumyzda we halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylmagy ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlaryň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ýurdumyzda dünýä edebiýatyna, söz sungatynyň ägirtlerine goýulýan egsilmez hormatyň beýanydyr.
Şahyryň şygyrlary dünýä edebiýatyny baýlaşdyryp, adamzat paýhasynyň öçmez çyragyna öwrüldi, onuň gymmatly golýazmalary dünýäniň dürli dillerine terjime edildi.
Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmeginiň çäklerinde Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler, onuň edebi mirasyny öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän işler diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem, belli gündogary öwreniji alymlarda, nusgawy edebiýata uly sarpa goýýan dünýäniň ähli halklarynda hem uly buýsanç duýgularyny döredýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň ähli künjeginde we daşary döwletlerde beýik akyldar şahyryň şanly senesine bagyşlanan çäreler geçirilýär. Olaryň esasy maksady mundan beýläk-de Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň wagyz edilmegine ýardam etmekden, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana we filosofik dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr, dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Dana Pyragynyň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar, çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň garaýyşlary beýleki halklara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara esaslanýar. Akyldar şahyryň edebi mirasy «siwilizasiýanyň dialogy» diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp bileris. Çünki ýurdumyzyň daşary syýasaty beýik şahyryň hem-de filosofyň pikirleriniň, dünýä we türkmen halkynyň ondaky orny baradaky garaýyşlarynyň dowamatydyr.
Magtymgulynyň şygyrlary bilen ösüp-ulalan, olarda öňe sürülýän pikirlerden ylham, ruhy güýç alyp kämilleşen şahsyýetler durmuşda, öz ýaşaýyş gurşawynda ýagşy at, mynasyp yz galdyrmaga çalyşýarlar. Ýurdumyzda ýokary çeper edebi we sungat eserlerini döretmekde, şeýle-de häzirki döwrüň ynsanperwer pikirlerini durmuşa geçirmekde döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň aýratyn hyzmatlary üçin şahyryň adyny göterýän baýragyň — Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň, medalynyň döredilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Bu sylaga Türkmenistanyň raýatlary bilen birlikde, Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge, Magtymguly Pyragynyň, beýleki türkmen akyldarlarynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge uly goşant goşan daşary ýurtlaryň wekilleri-de mynasyp bolýarlar.
Şahyryň ahlak, pelsepewi, syýasy-jemgyýetçilik pikirleri beýik türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň kämilleşmegine, ruhy gymmatlyklary nesillerden-nesillere geçirmäge uly täsir edipdir. Şahyryň şygyrlarynda wasp edilen, ündelen gymmatly ýörelgeleriň biri-de watanperwerlik, il-ýurt söýgüsidir. Bu durmuş pelsepesi şygyr tärleri bilen eýlenip, garylyp ýuwaş-ýuwaşdan şahyryň eserleriniň halk hakydasynda nakyllaşmagyna getiripdir.
Söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Oguldurdy Gurbanowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.