MEDENIÝET

Aktýor we aktrisalar üçin kasting: Täze kinoserialda täze mümkinçilik

Iň mynasyp aktýor we aktrisalar gözlenýär. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly täze taslama başlaýar we bu taslama babatda keşp ýerine ýetirjek aktýorlar üçin kasting yglan edýär.

“Atavatan TV” YouTube kanalyndan tomaşaçylara ýetiriljek kinoserial üçin iň mynasyp aktýor we aktrisalary saýlap almak göz öňünde tutulýar. Täze taslamanyň  diňe bir meşhur aktýorlar üçin däl, eýsem öň köpçülik tarapyndan entek tanalmadyk, “gizlenip ýatan” talantlaryň hem ýüze çykmagy üçin  goşmaça mümkinçilik döretjekdigine garaşylýar. Kinoserialyň awtory we režissýory Gülälek Hezretgulyýewa, prodýuseri bolsa, Dr. Döwran Orazgylyjow.

Kinoserial taslamasyna  gatnaşmak we özüniň aktýorlyk ukybyny halk köpçüligine ýetirmek  isleýän ildeşlerimiz 25.01.2022 senesine çenli 862 88 02 63 belgili telefon belgisinden habarlaşyp kastinge gatnaşmalydyr.

Kasting “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň ofisinde geçirilýär. 

Salgymyz : Aşgabat şäheri, Ankara köçesi 25 , A Blok, 4-nji gat. 403.

 

“Ýakymly Ýatlamalar” sahypasy hereket edip başlady

Ýene-de okaň

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri