DÜNÝÄ

«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi geçirilýär

24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan halkara ähmiýetli bu çäre türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr.

Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Milli Geňeşiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara Ýüzlenmesi okaldy.

Şu günki sergide milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň 80-e golaýy özleriniň önümlerini görkezýär. Olar dürli pudaklaryň hem-de halk hojalygynyň düzümleriniň ýetent belent sepgitleri we gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar, şeýle-de türkmen paýtagtynyň senagat, medeniýet we bilim mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady şertlerini giňden açyp görkezýär.

Ertir, 25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly sergi öz işini dowam eder.

 

Ertir – awtobuslar mugt hyzmat eder

Ýene-de okaň

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy

Türkmenistan BMG-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça milli tejribesini tanyşdyrdy

Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça çäreler geçirilýär