«Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlere buýsanjynyň nusgalykdygy zamanamyzyň ajaýyp hakykatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda hem bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirdik.
Gahryman Arkadagymyz şol ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Ýurdumyzda bellenilýän toýdur baýramlar özboluşly şowhuny bilen tapawutlanýar. Her ýyl uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynda türkmen atlarynyň gözellik bäsleşigini, çapyşyklary, sergileri, aýdym-sazly çykyşlary guramak indi däbe öwrüldi. Baýramçylyklaryň biri-birinden özboluşly bolşy ýaly, olaryň her ýylda bellenilişi hem aýratyn tapawutlanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek bäsleşikler Arkadag şäherinde dabaralandyrylar.
Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi bilen deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby deňi-taýy bolmadyk bedewlere bolan çäksiz söýgüsiniň we aýratyn hormatynyň nyşanydyr. Umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde ägirt uly açyşlary eden, kämilligiň beýik nusgasyny Älem-jahana peşgeş beren türkmen halky çydamly, wepaly, ýyndam bedewleriň saýlama tohumlaryny döredipdir. Häzirki döwürde ahalteke bedewlerimiziň bady ýurdumyzyň ösüşleriniň nyşanyna öwrüldi. Şeýle hem özüniň owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi, ýyndamlygy bilen görenleri haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy eserlerde ussatlyk bilen ýetirilýär.