JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezi gurulýar

Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha artýar. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Milli Liderimiz bu iri göwrümli taslamanyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

  •  Welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binalarynyň, şeýle hem medeniýet toplumyna degişli desgalaryň, 3 müň orunlyk Ruhyýet köşgüniň şekil taslamalary taýýarlanyldy. Şolarda ähli zerur şertler üpjün ediler.
  • Bu ýerde gurulýan kitaphana we welaýat arhiwiniň binalary häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, sanly ulgam bilen üpjün ediler. Welaýat drama teatrynyň, muzeýiň binalary täze merkeziň çäginde ýerleşdiriljek “Ahal” binasy hem-de Döwlet baýdagynyň sütüni bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer.
  • Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerler, şol sanda olaryň ekologiýa ýagdaýy, seýsmik durnuklylygy hem-de beýleki degişli görkezijileri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi.
  •  Başlangyç hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň, ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleriniň, saglyk öýüniň, 720 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň, suw toplumynyň, seýilgähleriň we dynç alyş zolaklarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.
  •  Oba hojalyk, maliýe-ykdysadyýet, senagat-kommunikasiýa toplumlaryna degişli binalaryň, “Türkmenistan” we “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banklarynyň welaýat şahamçalarynyň, Merkezi bankyň welaýat dolandyrmasynyň, myhmanhananyň gurluşygy alnyp barlar.
  • Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde Döwlet sirki, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, söwda we dynç alyş merkezi, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy, 360 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hem-de “Tiz kömek” merkezleri bina ediler.
  • Ähli amatlyklary özünde jemleýän 7 gatly, 28 öýli, 56 öýli, 42 öýli, 9 gatly, 54 öýli, 5 gatly, 30 öýli we 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary taýýarlandy.
  • Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýar.
  • Şu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanylar. Ol hem bu ýerde  has oňaýly smart siti — “akylly» şäheriň döremegine giň mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellendi

Ýene-de okaň

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer