JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň döwrebap merkezinde metjit gurlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeri kesgitlenildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Halk Maslahatynyň Başlygyna merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdyrdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilýändigini aýdyp, 7-nji oktýabrda bolsa merkezde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeriniň kesgitlenilmegi mynasybetli, özüniň ýazan kitaplary üçin düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna toý sadakasynyň beriljekdigini belledi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatynda döwrebap metjitler gurlup ulanmaga berildi. Sahawatly Ahal topragynda täze metjidiň gurulmagy gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Yslam dini adamlary halallyga, ynsanperwerlige, päk ýüreklilige, ýagşylyga çagyrýar. Şoňa görä-de, sogap işleriň amal bolýan ýeriniň — metjidiň gurluşygyna döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri