SPORT

“Ahal” topary özbek toparyny ýeňip bilmedi

Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” topary AFK-nyň Kubogy – 2021-iň Merkezi Aziýa sebitiniň finalynda Özbegistanyň “Nasaf” topary bilen duşuşdy.

Özbegistanyň Garşy şäherinde geçirilen duşuşykda Özbegistanyň “Nasaf” topary Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” toparyny 3:2 hasabynda utdy.

Özbek toparynyň düzüminde 26-njy minutda Marko Stanojewiç, 32-nji minutda Andrija Kaludjerowiç hem-de 76-njy minutda Husain Norçaýew tapawutlandy.

“Ahal” toparyndan 60 we 69-njy minutlarda Elman Tagaýew tapawutlandy. Ildeşlerimiz 2:0 hasabynda utulyp barýandygyna garamazdan, erjel oýnap hasaby deňlediler. Ýöne 76-njy minutda goýberilen pökgi bilen duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.

Bu duşuşygyň ýeňijisi bolan “Nasaf” topary Inter zolagynyň finalynda Hindistanyň “ATK Mohun Bagan” topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 22-nji sentýabrda oýnalar. Bu oýnuň ýeňijisi-de AFK Kubogynyň finalynda çykyş eder.

“Ahal” bilen “Nasaf” toparlarynyň mundan öň özaralarynda duşuşyk geçirmändiklerini bellemek gerek. Mundan başga, “Ahal”-yň AFK-nyň Kubogynda özbek toparlary bilen ilkinji duşuşygyny geçirendigini hem aýtmak bolar.

Ýeri gelende bellesek, “Nasaf” AFK-nyň Kubogynda ýeňiş gazanan ýeke-täk özbek klubudyr.

 

Hormatly Prezidentimiz Kaka dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi