SPORT

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Aziýanyň ikinji derejeli çempionlar ligasynda «Ahal» futbol kluby myhmançylykda toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda «Ahal» futbol kluby Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyna garşy meýdança çykyp, bu topary 1:0 hasap bilen ýeňmegi başardy. Oýnuň ýeke-täk goluny 83-nji minutda Enwer Annaýew geçirdi.

Duşuşygyň ilkinji minutlarynda ýer eýeleri «Mohun Bagan» topary oýnuň gidişini öz ellerinde saklamaga synanyşsada, «Ahalyň» futbolçylary muňa ýol bermedi. Ilkinji minutlardan başlap, «Ahal» topary sowukganlylyk bilen oýnuň dowamynda topa doly erk etmegi başardylar. Oýnuň tutuş dowamynda derwezelere depilen garşylykly toplaryň hiç biri hasaby artdyrmaga ýetmedi.

Şeýlelik bilen, «Ahal» futbol kluby myhmançylykda Aziýanyň ikinji derejeli çempionlar ligasynda toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji 3 utugyny almagy başardy.

«Ahal» futbol kluby bu çempionatdaky indiki duşuşygyny 30-njy sentýabrda “Arkadag” stadionynda “Al Hussein” toparyna garşy geçirer.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri