TEHNOLOGIÝA

Agaçdan elektrikli ulaglar üçin batareýa öndüriler

Finlýandiýada agaçdan elektrik togy bilen işleýän ulaglar üçin batareýa öndürmek meýilleşdirilýär. “Ýewropuls” neşiriniň habaryna görä, bu ýurtda elektromobiller üçin batareýa öndürýän zawod açyldy.

Häzirki wagtda elektrokarlar üçin batareýa önümçiliginde sintetiki grafit ulanylýar. Elektromobilleriň önümçiligini ekologiýa taýdan has arassa bolmagy üçin täze zawod işläp başlady. Grafitiň ýerine tebigy lignin ulanylar.

Lignin – agajyň düzüminde bolan gaýtadan işlenilýän we zäherli bolmadyk çig maldyr. Bu çig mal tebigatda sellýulozadan soňra giňden ýaýran ikinji makromolekuladyr.

Ilki bilen, lignin adaty batareýalary we durmuş enjamlary üçin akkumulýatorlary öndürmek üçin ulanylar.

Elektrik ulaglary Ýewropada çalt meşhurlyk gazandy. Diňe 2020-nji ýylda şeýle ulaglaryň satuwy Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda üç esse artdy.

 

Jerime salýan “akylly” ýol yÅŸyklary

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy