SPORT

AFK halkara ýaryşlar barada netijä geldi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düýn onlaýn arkaly geçirilen mejlisinde futbol we futzal boýunça käbir yklym ýaryşlarynyň ykbaly barada belli bir netijä gelindi.

Ilki bilen türkmenistanly janköýerleri gyzyklandyrýan täzeliklere ünsüňizi çekýäris. Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Altyn asyryň» hem gatnaşmaly yklym ýaryşy — AFK-nyň kubogy birnäçe gezek yza süýşürilipdi. Düýnki mejlisde bolsa ol Ýerine ýetiriji komitetiň gelen karary bilen doly ýatyryldy. Şeýlelikde, ýeňijä 1,5 million dollar berilýän ýaryş taryhynda ilkinji gezek 2020-nji ýylda geçirilmez. 2021-nji ýylda şu ýylky netijelere görä, täze ýaryş başlanar.

Şeýle hem klublaryň arasyndaky futzal boýunça şu ýyl Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmeli Aziýa çempionaty 2021-nji ýyla süýşürildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň futzal çempiony, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» topary gatnaşar.

AFK ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň futbol çempionatyny hem 2021-nji ýyla süýşürdi. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklary bolsa geçiriler.

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy