Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen bütin adamzadyň kalbynda orun aldy. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, daşary ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda uly tagallalar edýärler.
Halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary beýik ösüşlerimiz üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip bellemek bilen, dana şahyrymyzyň döredijiliginiň uç-gyraksyz ummandygyny we onuň çuňňur öwrenilýändigini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyrymyza belent sarpanyň nyşanydyr. Milli Liderimiziň bu goşgusynyň her bir setiriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolup, onuň ata Watana, ene topraga, türkmen edebiýatyna bolan söýgini beýan edýändigini nygtamak has-da ýakymlydyr.
Magtymguly Pyragy berkarar döwletli bolmagy arzuwlap, ýurtlary, ülkeleri aşyp, ençeme halklaryň, milletleriň durmuşy bilen tanşypdyr. Ol bolan syýahatlarynda dana, pähimdar, parasatly kişiler bilen görşüp, pikir alşypdyr. Şol ýerler barada, şeýle-de berkarar döwlet gurmagyň ugrunda öz halkyna ruhy goldaw boljak eserleri döredipdir.
Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzy buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ähli ildeşlerimiziň beýik akyldar şahyrymyza bolan sarpasynyň näderejede beýikdiginden nyşandyr.
Dana Pyragynyň şygyrlarynda milletimiziň ruhy gözellikleri, adamkärçilik, ynsanperwerlik nusgawy derejede beýan edilýär. Diňe bir halkymyzyň däl, tutuş adamzadyň kalbynda, aňynda olaryň eşrepi ýaly saklanyp, şu günlere getirilendigi we röwşen geljege alnyp barylýandygy guwandyryjydyr hem buýsandyryjydyr.
Magtymguly Pyragy hakyky watançy şahyrdyr. Beýik akyldarymyzyň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Türkmen binasy», «Ili gözlär» ýaly ençeme goşgulary onuň watansöýüjiliginiň belent derejesini görkezýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde dabaraly bellemek hakyndaky Karary bütin halkymyzyň kalbynda buýsanç, guwanç duýgularyny döretdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylda beýik şahyryň şanly senesi uly dabaralar bilen bellenilýär. Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan, beýik şahsyýetlerimizi tirsegine galdyryp, olaryň şöhratyny beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Akja Jumagylyjowa,
A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.