Golaýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ösüşini, ähli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini açyp görkezýän köpugurly sergi geçirildi. Sergä ýurdumyzyň senagat pudaklary, hususy telekeçileri gatnaşdylar. Biz hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary bolup bu sergä gatnaşyp, öz önümleri bilen halka hyzmat edýän “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň işgäri bilen söhbetdeş bolduk.
Ataýewa Maýagözel, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hünärmeni:
– Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halyçylyk sungatyna aýratyn uly üns berilýär. Ýagny muňa mysal hökmünde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň täze binasynyň 2009-njy ýylda gurlup ulanylmaga berlendigini aýtmak bolar. Muzeýde gadymy halylar we haly önümleri, dürli görnüşde dokalan täsin halylar saklanylýar.
Mundan başga-da, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň garamagynda birnäçe haly kärhanalary hereket edýär: Bäherden çeper halyçylyk kärhanasy, Esenguly çeper halyçylyk kärhanasy, Halaç çeper halyçylyk kärhanasy, Serdar çeper halyçylyk kärhanasy, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasy, Mary çeper halyçylyk kärhanasy, ýaňy-ýakynda Gubadagda hem-de Baýramalyda ýörite haly önüm kärhanasy açyldy. Bu açylan binalar dünýä ülňülerine laýyk gelip, olarda dürli ölçeglerdäki, dürli reňklerdäki halylary dokamaga ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu haly kärhanalarynda buýurmalar esasynda dürli görnüşli, dürli ölçegli haly önümleri, ýantorbalary müşderileriň islegleri esasynda dokalyp berilýär.
Häzirki wagtda haly kärhanalarynda ýagty reňklerdäki halylar, peýzaž, portret halylary köp dokalýar. Şol halylarda-da 200-e golaý reňkler ulanylyp, tebigy boýaglar bilen emeli boýaglary garylyp ulanylýar. Tebigy boýaglar azyndan 3-4 nesle hyzmat edýär. Şonuň üçin hem türkmen halylary bütin dünýäde hili, gölleriniň owadanlygy, nepisligi bilen meşhurdyr.
Gelin gyzlarymyzyň çeper ellerinden dörän türkmen halylarynyň birnäçesi daşary ýurtlarda sergilere gatnaşdyrylýar. Sergilerde nepis halylarymyz altyn medallaryň, baýraklaryň birnäçesine mynasyp boldy. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halysyna hem-de çeper elli halyçylarymyza goýýan beýik sarpasy üçin hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzy we bütin türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn!
Söhbetdeş bolanlar: Jennet OMAROWA,
Arzygül TEKEMYRADOWA.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary.