DÜNÝÄ

Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça okuw maslahaty geçirildi

2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň guramagynda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Iş toparynyň agzalary üçin okuw maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň degişli döwlet edararalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan hem-de global çözgütleri talap edýän adam söwdasy bilen bagly bolan meseleleriň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Adam söwdasyna eltýän global görkezijiler we oňa garşy hereket etmekde halkara tejribeler, adam söwdasynyň pidalarynyň şahsyýetini anyklamakda we ýüze çykarmakda maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek meseleleri okuw maslahatynyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Şeýle hem, okuw maslahatyna gatnaşyjylar  adam söwdasyndan ejir çekenleri ýüze çykarmak we olara ýardam etmek boýunça tejribeler we işler boýunça döwlet institutlary, raýat jemgyýetleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara pikirleri alyşdylar.

Mashatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

 

Çeşme: migration.gov.tm

 

ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleriniň duşuşygy

 

 

Ýene-de okaň

Kaýa Kallas: ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynda täze sahypa açylýar

Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň esasy bilim edaralaryna baryp gördi

Türkmenistan Rumyniýada Nowruz dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Rumyniýa ÝUNESKO-nyň çäginde hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygy geçirildi

Türkmenistan bilen Täjigistan medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrar