SIZDEN GELENLER

Adam beýnisi barada maglumat

  • Beýni şol bir wagtyň özünde 100 trillion maglumaty özünde saklap bilýär.
  • Beýnimiz her sekuntda bedenimizden 100 milliondan gowrak habar alýar.
  • Beýnimiz her gün öwezini dolup bolmaýan 1000-e golaý öýjük ýitirýär.
  • Beýni hiç hili agyry duýmaýar. Şonuň üçin, hassa beýnisinden operasiýa bolýan wagty hiç hili agyry duýmaýar.
  • Ýaňy doglan bäbegiň beýnisi ilkinji alty aýyň dowamynda iki esse ulalýar.
  • Beýniniň agramy bedeniň 1/50 bölegine deň bolsa-da, bedenimizdäki kislorodyň 1/4 bölegini ulanýar.
  • Beýniniň çep bölegi bedeniň sag tarapyny, sag bölegi bolsa çep tarapyny dolandyrýar.
  • Çep beýni matematika, logika, dil amallary tarapdan güýçli bolsa, sag beýni saz, reňk, sungat tarapdan güýçli bolýar.
  • Eger-de sen saglakaý bolsaň seniň çep beýniň gowy işleýär, çepbekeý bolsaň sag tarapky beýniň gowy işleýär.
  • Erkek adamlaryň beýnisi aýallaryň beýnisinden agyrdyr.
  • Adamyň beýnisiniň ortaça agramy 1585 grama deňdir.

Toplan: Babajan HOJAMURADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Bilim ulgamyndaky okatmagyň kämil usullary

Bilim özgertmeleri we amaly matematika

Ata Watan Eserleri

Ynsan saglygy – uly baýlyk

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary

Irki ösüş – kämil nesil

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany