Aşgabat şäherinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda bu ýokary okuw jaýynyň mejlisler zalynda Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary hem gaatnaşdy.
Bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa, ýokary okuw jaýynyň mugallymlary, talyplary we Eýranyň Medeniýet merkeziniň işgärleri we pars dili öwrenijileri gatnaşdylar.
Çäräniň başynda Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna we daşary ýurt döwletleri bilen alyp barýan oňyn dostlukly gatnaşyklaryna we olaryň has-da berkemegi ugrunda edilýän işlere ünsi çekdi.
Ol sözüni dowam edip: Häzirki döwürde uniwersitetimiz bilen daşary ýurtlaryň ençeme abraýly ýokary okuw mekdepleri we ylmy-kliniki merkezleri bilen özara gazanylan Ylalaşyklaryň, Ähtnamalaryň esasynda maksadalaýyk işler alnyp barylýar hem-de ol işleriň gerimini giňeltmeklige uly ähmiýet berilýär. Aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy hökmünde üstümizdäki ýylyň maý aýynda Hormatly Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasynda bolan iş saparynyň dowamynda Lukmançylyk uniwersitetimiz bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekilmegini ýatlamak örän ýakymlydyr. Şondan bäri geçen gysga wagtyň içinde uniwersitetleriň professor-mugallymlarynyň ýurtlarda geçirilen halkara forumlarynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary gurnaldy, diýip belläp geçdi.
Nargözel Myratnazarowa Abu Aly ibn Sina barada şeýle diýdi: Ynsan saglygyny goramagyň gaýtalanmajak inçe syrlaryny miras galdyran şahsyýetlere Gündogaryň meşhur ensiklopedik alymy Abu Aly ibn Sina (Awisenna) degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýdylanda: Ibn Sinanyň ady Gündogarda “Hakykatyň şaýady”, Günbatarda “Filosofiýanyň soltany”, “Lukmanlaryň soltany” ýaly lakamlar bilen ýörgünlidir.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales türkmen halkynyň milli liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sag bolsun aýdyp, filosof, psiholog, akyldar, lukman Abu Aly ibn Sinanyň ylymdaky orny barada şeýle diýdi: Ibn Sina Gündogaryň beýik akyldarlarynyň biridir we yslam medeniýetinde we siwilizasiýasynda terbiýe alandyr, eserleri we ýazgylary henizem dürli ugurlar boýunça alymlar tarapyndan öwrenilýär we ulanylýar.
Ol sözüni dowam etdi: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti 90 ýyllyk taryhy bilen Türkmenistanyň iň gadymy ylmy lukmançylyk merkezi hasaplanýar we Türkmenistanyň halkyna uly hyzmatlar edendir. Türkmen halkynyň milli lideri, Halk Maslahatynyň başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhammedow hem bu ýokary okuw jaýynyň uçumydyr we bu uniwersitet üçin uly hormatdyr.
Arbab Hales Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Maşadyň lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň rektorlarynyň arasynda gol çekilen ähtnamany belläp, sözüni dowam etdi: Soňky onýyllyklaryň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy lukmançylyk pudagynda birnäçe ösüş gazandy we Eýranyň lukmançylyk merkezleri ökde lukmanlar bilen beýleki ýurtlardan gelen näsaglary hem kabul edip, bejerýärler. Maşadyň lukmançylyk ylymlary uniwersiteti Eýran Yslam Respublikasynyň iň uly we gadymy ýokary okuw jaýlaryndan biridir we bu uniwersitetde müňden gowrak eýranly we daşary ýurtly talyplar bilim alýarlar we birnäçe görnükli we edermen lukmanlar bu okuw jaýynyň uçurumlarydyrlar.
Ilçi sözüni dowam etdi: Iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary göz öňüne tutup, ýakyn geljekde Eýran Yslam Respublikasynyň saglygy goraýyş, derman senagaty we lukmançylyk bilimi ministrligi bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda özara hyzmatdaşlyk üçin resminamalara gol çekiler diýip umyt edýärin.
Dabaraly çäre Abu Aly ibn Sina we Eýranyň saglygy goraýyş ulgamynda gazananlary barada wideoşekil, Abu Aly ibn Sinanyň bejerijilik ukyby barada sahna oýuny, Eýranyň Medeniýet Merkezi, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymdyr talyplary we pars dili öwrenijileri tarapyndan goşgy, makalalar we başga*da gyzykly çykyşlar bilen dowam etdi.
Şeýle hem çärede Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylaryna, talyplaryna, çärede çykyş eden pars dili öwrenijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýokary okuw mekdebinde geçirilen çärede iki ýurduň el işleri we amaly – haşam sungatyna degişli umumy sergi gurnalyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we ýokary okuw jaýynyň rektory sergä aýlanyp gördüler.
Çäräniň soňunda iki döwletiň naz – nygmatlary hemmelere hödür – kerem edildi.