SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ ýolagçylardan koronawirus test netijenamasyny talap etmeýär

ABŞ-nyň hökümeti koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen ýurda gelýän daşary ýurtly ýolagçylardan COVID-19 barlagyndan geçendigi baradaky netijenamany (PCR) talap etmeýär. Bu barada ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş federal merkezi habar berdi.

Bu düzgün eýýäm güýje girdi. ABŞ-nyň degişli edaralary degişli döwürde daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylardan COVID-19 barlagyndan geçendigi baradaky netijenamany talap etmeýär.

Ýöne ABŞ-nyň raýaty bolmadyk we migrasiýa wizasy bolmadyk adamlar sanjym alandygy hakyndkay resminamany görkezmeli bolar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda ABŞ-nyň hökümeti ýurda gelýän daşary ýurtlulardan sanjym hakyndaky sertifikaty, syýahata azyndan üç gün galanda koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly barlagdan geçendigi hakyndaky resminamany talap etýärdi.

Dekabr aýynda ýurduň hökümeti bu talaplary gowşadyp, test barlagynyň gününi 3 günden bir güne düşüripdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasy hem 1-nji iýundan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly resminamalary talap etmegi ýatyrypdy.

Şeýle hem bu test barlagyny ýatyran ýurtlaryň hatarynda Ysraýyl döwleti hem bar.

 

Türkmenistan halkara gatnawlaryny dikelder

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär