ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan kabul edilen täze karar esasynda, Türkmenistan raýatlary hem “Visa Bond” (wiza üçin kepillik puly) talap edilýän ýurtlaryň sanawyna girizildi. Bu düzgün 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girer.
Täze düzgün ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk kanunynyň (INA) 221(g)(3) maddasyna hem-de wagtlaýyn ahyrky düzgün (Temporary Final Rule – TFR) arkaly döredilen synag maksatnamasyna esaslanýar. Karar, ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamentiniň (DHS) B1/B2 wizalary boýunça galyp gitme (overstay) statistikalaryna daýanýar.
Türkmen raýatlary üçin näme üýtgeýär?
Türkmenistan pasporty bilen B1/B2 (syýahat we iş) wizasy üçin laýyk hasaplanylan dalaşgärler:
5 000, 10 000 ýa-da 15 000 ABŞ dollary möçberinde kepillik puly (bond) goýmalydyr
Kepillik puly wiza söhbetdeşliginde konsul tarapyndan kesgitlenýär
DHS Form I-352 doldurylmaly
Töleg diňe ABŞ-nyň resmi Pay.gov ulgamy arkaly amala aşyrylýar
Kepillik puly wizanyň hökmany beriljekdigini aňlatmaýar. Konsul görkezmesi bolmazdan tölenen pullar yzyna gaýtarylmaýar.
📍 Girip-çykmaly mejbury howa menzilleri
Wiza bondy goýlan dalaşgärler ABŞ-a diňe aşakdaky howa menzilleri arkaly girip-çykmalydyr:
Boston Logan International Airport (BOS)
John F. Kennedy International Airport – Nýu-Ýork (JFK)
Washington Dulles International Airport (IAD)
Bu talap berjaý edilmezse, ABŞ-a girmegiň gadagan edilmegi ýa-da çykyş maglumatlarynyň hasaba alynmazlygy mümkin.
❗ Wiza bondy bozulsa näme bolýar?
ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamenti (DHS) bond şertleriniň bozulandygyna şübhe dörän ýagdaýlarda işi USCIS-e ugradýar. Muňa şular girýär:
Rugsat berlen möhletden soň ABŞ-dan çykmak
Rugsat berlen möhleti geçip hem çykman galmak
Immigrant däl statustan çykyp, şol sanda syýasy pena (asylum) talap etmek
