ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens fewral aýynda Ermenistana we Azerbaýjana baryp görer. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Truth Social” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.
Donald Tramp öz habarynda geçen ýylyň awgustynda gol çekilen Parahatçylyk ylalaşygynyň berjaý edilendigi üçin Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem ABŞ-nyň wise-prezidentiniň iki ýurda hem saparynyň boljakdygyny mälim etdi.
— Men Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ErmenistanyňPpremýer-ministri Nikol Paşinýana geçen ýylyň awgustynda gol çeken Parahatçylyk ylalaşygymyzyň berjaý edilendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin — diýip Tramp belledi.
Onuň bellemegine görä, Jeý Di Wensiň sapary parahatçylyk başlangyçlaryny ösdürmäge we halkara parahatçylygy hem-de abadançylygy ilerletmek üçin “Tramp ugruny” diýlip atlandyrylýan başlangyjy öňe sürmäge gönükdiriler.
— Biz Azerbaýjan bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrarys, Ermenistan bilen parahatçylykly hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk baglaşarys, amerikan ýarymgeçiriji öndürijileriniň bähbidine degişli ylalaşyklara gol çekeris — diýlip habarda aýdylýar.
