DÜNÝÄ

ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti wezipesine girişdi

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Jo Baýden kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişdi.

“Men, Jo Baýden, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hökmündäki borçlarymy wepalylyk bilen ýerine ýetirjekdigime we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Konstitusiýasyny gorajakdygyma we goldajakdygyma kasam edýärin”  – diýip, Jo Baýden sag elini ýokary galdyryp, çep elini bolsa Injil kitabyna goýup, kasam etdi.

78 ýaşyndaky Baýden ýurduň Demokrat partiýasynyň dalaşgäri hökmünde ABŞ-nyň 46-njy prezidentligine saýlandy. Ol geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen saýlawlarda prezidentligiň ikinji möhleti üçin dalaşgär bolan Donald Tramp bilen bäsleşdi.

Donald Tramp Jo Baýdeniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmady. Bu dabara Donald Trampyň prezident döwründe orunbasary wezipesini amala aşyran Maýkl Pens gatnaşdy.

Şeýle kasam kabul ediş dabarasynda Jo Baýdeniň orunbasary wezipesine saýlanan Kamala Harris hem kasam kabul etdi. Ol 49-njy Prezidentiň orunbasary wezipesine girişdi.

Kasam kabul ediş dabarasy Kapitoliýa binasynyň basgançagynda geçirildi. Pandemiýa sebäpli dabara çäkli myhmanyň gatnaşmagynda hem-de howpsuz aralyk kadalaryna laýyklykda gurnaldy.

Dabara ABŞ-nyň ozalky Prezidentleri Jorj Buş we aýaly Lora Buş, Bill Klintonly Hillari Klinton hem-de Barak Obama we aýaly Mişel Obama gatnaşdy.

Kasam kabul ediş dabarasynda Ledi Gaga ABŞ-nyň milli senasyny ýerine ýetirdi. Şeýle hem dünýä belli aýdymçy Jennifer Lopes hem aýdymlary bilen çykyş etdi.

Dabarada çykyş eden Prezident Jo Baýden dünýäniň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk ediljekdigini mälim etdi.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi