TEHNOLOGIÝA

ABŞ-da uçýan ulaga rugsat berildi

Uçýan “Terrafugia Transition” ulagy ABŞ-nyň Federal awiasiýa dolandyryş gullugyndan (FAA) şahadatnama aldy. Ulag gatnawynyň geljegi diýlip atlandyrylýan “uçýan awtoulaglara” bir ädim ýakynlaşdyk. Sebäbi uçýan awtoulag “Terrafugia Transition” zerur rugsady almagy başardy.

Beýik Britaniýanyň “Daily Mail” gazetindäki habara görä, ulagyň bu görnüşi ABŞ-nyň Federal awiasiýa dolandyryş gullugyndan (FAA) degişli şahadatnamany aldy. Şol habara görä, tassyknama ulagy häzirki wagtda diňe uçar hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Ulagyň adaty köçelerde hem hereket etmegi üçin rugsatnamanyň 2022-nji ýylda berilmegine garaşylýar.

Bu karardan soň beýanat beren kompaniýanyň ygtyýarly wekili Kewin Kolburn dünýädäki ilkinji uçýan awtoulag öndürmäge ýene bir ädim golaýlandyklaryny belläp,  “80 gün uçuş synaglaryndan we köp sanly işlerden soňra oňat netijeler gazandyk” – diýip mälim etdi.

10 müň fut beýiklige (3 kilometr) ýetip bilýän ulag, yzky pyrlanýan propelleriniň kömegi bilen uçup biler. Awtoulag  100 at güýjüne deň bolan “Rotax 912iS” hereketlendirijisi bilen sagatda 161 kilometr tizlige ýetip biler.

Hytaýda ýerleşýän “Geely” kompaniýasynyň düzümindäki “Terrafugia” kompaniýasy 2011-nji ýyldan bäri uçýan awtoulag taslamasynyň üstünde işleýär.

 

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

 

 

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama