ABŞ-ly bir aýal 5 ýyldan soň tekjesinde ýatdan çykaran gamburgerini tapdy. Gamburgeriň satyn alan günündäki ýaly täzeligine meňzeýändigini aýdýan aýal: “Daş ýaly berkdi, men onuň bilen bir bulgury döwüp bilerdim” – diýdi. ABŞ-ly aýal, tekjesinde 5 ýyl bäri duran gamburgerini, ilkinji satyn alan güni bilen deňeşdirip, üýtgemändigini aýtdy.
“Indy 100” saýtynyň habaryna görä, ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde ýaşaýan Megan Kondri, höwes bilen alan “McDonald’s” gamburgerini 5 ýyllap tekjede ýatdan çykardy. Kondri burgeri tapanda “ysyň ýokdugyny we onuň satyn alan günündäki ýalydygyny” aýtdy. Beýleki tarapdan, gamburgerde düýpli tapawudyň bardygyny aýdyp, Kondri: “Bu gaýa ýaly gaty, men onuň bilen islän zadymy döwüp bilerin” – diýdi.
“McDonald’s” kompaniýasy, “Makdonalds gamburgerleriniň zaýalanmaýandygy baradaky miflere jogap” atly blogda: “Gamburgerlerimiz beýleki iýmitler ýaly dogry gurşawda ýok bolup biler, ýöne munuň üçin daşky gurşawda çyglylyk gerek” – diýdi.
Kompaniýanyň beren beýanatynda “Bakteriýalar we galyndylar gamburgeriň özünde ýa-da daşky gurşawda ýeterlik çyglylyk bolmazdan ösüp bilmez we şonuň üçin zaýalanmak ähtimallygy pesdir. Zaýalanmadyk iýmit himiki maddalar ýa-da iýmitlenişiň pesligi bilen baglanyşykly däldir, saklanylýan şertler bilen baglanyşyklydyr”, diýip beýan berdi.
“McDonald’s” ABŞ-da we Kanadada iň meşhur we giňden ýaýran çalt nahar zynjyrydyr. Korporasiýa dünýäde iň uly we üstünlikli gamburger çalt nahar restoranlaryndan biridir. Her gün dünýäde 47 milliondan gowrak müşderä hyzmat edýär. Onuň menýusynda gamburgerler, çizeburglar, towuk önümleri, fransuz ýeralmalary, ertirlik nahary, alkogolsyz içgiler, desertler we “PlayPlaces” we “Happy Meals” ýaly çagalar üçin ýakymly iýmitler bar. Tankytlara we sarp edijileriň islegleriniň üýtgemegine jogap edip, kärhana işdäaçarlary we miweleri goşup menýusyny giňeltdi. Häzirki wagtda 119 sany ýurtda 31 000-den gowrak restoran işleýär.