DÜNÝÄ

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Soňky döwürde Amerikada ýaşlaryň we çagalaryň arasynda “six seven” (6–7) diýilýän söz internetde çalt ýaýrady. Bu söz ilki anyk many bermän, gülkünç gaýtalama hökmünde TikTok we Instagram wideolarynda ulanylyp başlandy we gysga wagtyň içinde ýaşlaryň gündelik diline girdi.
“Six seven” söziniň gelip çykyşy amerikaly rap aýdyjysy Skrilla tarapyndan ýerine ýetirilen “Doot Doot (6 7)” atly aýdym bilen baglanyşyklydyr. Aýdymyň içinde birnäçe gezek gaýtalanýan “6–7” setiri sosial mediada wideolarda ulanylyp, soňra ýaşlaryň arasynda trend boldy. Bu söz köplenç el hereketleri bilen birlikde aýdylýar we manysyzlygy bilen ünsi çekýär.
📌 Trend näderejede giňeldi?
Häzirki wagtda “six seven” sözi diňe internetde däl, eýsem mekdeplerde, synp otaglarynda we gündelik aragatnaşykda hem giňden ulanylýar. Käbir mekdepler bu sözüň okuw prosesine päsgel berýändigini aýdyp, ony çäklendirmäge synanyşdylar. Trendiň täsiri şeýle derejä ýetdi welin, bu söz Dictionary.com tarapyndan 2025-nji ýylyň “Ýylyň sözi” hökmünde yglan edildi. Şeýle-de, “Makul” sözlügiň 2026-njy ýyl üçin “Ýylyň sözi” bäsleşigine gelen teswirleriň arasynda hem “six seven” sözi bar.
Trend hatda syýasata çenli ýetdi. ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D. Wens hem X platformasynda bu barada degişme äheňinde ýazgy ýazdy. Ol ybadathanada Injilde okalyşy 66–67-nji sahypadan başlanda, 5 ýaşly çagasynyň “six seven” diýip 10 gezek gaýtalandygyny degişme äheňinde aýdyp, “indi men Birinji düzedişe (First Amendment) kiçijik bir aýratynlyk girizip, bu sanlary hemişelik gadagan etmeli ýaly duýýaryn” diýip ýazdy. Bu posty 16 milliondan gowrak adam gördi.
Bu ýagdaý “six seven” söziniň häzirki wagtda ABŞ-da ýaşlaryň arasynda nähili güýçli sosial-media trendine öwrülendigini açyk görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmäge ygrarly

Türkmenistan bilen Belarus medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Belarus oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy