BILIM

ABŞ-da okamak mümkinçiligi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, diplomy Türkmenistan tarapyndan ykrar edilýän ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýän ýaşlar üçin 17-nji oktýabrda uly mümkinçilik garaşýar. Çünki şol gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň ilkinji wirtual bilim sergisini gurar.

Sagat 15-den 19-a çenlli aralykda geçiriljek wirtual sergä gatnaşmagyň ilkinji şerti oňa gatnaşyjy hökmünde agza bolmakdyr. Agzalyk ilçihananyň resmi saýtynda bellige alynýar. Oňa baryp görmek bolsa mugt.

Bu sergä 100-den gowrak bakalawr, aspirantura, doktorlyk we iňlis dili okuwlaryny hödürleýän ABŞ-nyň 60-dan gowrak uniwersiteti gatnaşar. Olaryň ählisi daşary ýurtly talyplara maddy kömegini hödürleýär. Sergi wagtynda uniwersitetleriň dürli mowzuklaryndaky webinarlary bilen tanyşmak, olaryň wekilleri bilen göni ýaýlymda sowal-jogap alyşmak mümkin bolar.

Sergi oňa gatnaşyjylara adaty serginiň ähli mümkinçiliklerini berýän amatly onlaýn görnüş, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna talyp wizasyny almak üçin maslahat, diňe akkreditlenen ABŞ uniwersitetlerine girmek mümkinçiligi, ähli uniwersitetlere olaryň kabul ediş toparynyň agzalarynyň wekilçilik etmegi, kabul ediş, maliýe goldawy boýunça saýlaw toparynyň agzalary bilen onlaýn aragatnaşyk, uniwersitetleriň webinarlary ýaly artykmaçlyklary bagyşlar.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Türkiýede uçarmanlyk okuwy üçin kabul edişlik yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda 800-den gowrak medal gazandylar

Bilim ministrligine 1-nji synpa barjak çagalara sowgat beriljek kompýuterleri satyn almaga ygtyýar berildi

Türkmenistan-Müsür: bilim hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen ýaşlary Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndan baýrakly dolandy