SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ-da ilkinji sanjym

Häzirki wagtda dünýäde koronawirusa garşy sanjymlar edilip başlandy. COVID-19 garşy sanjym ABŞ-da hem öz işine başlady. Sanjymda saglygy goraýyş işgärlerine birinji sanjym etmekligi artykmaçlyk berildi. Nýu-Ýork şäherindäki intensiw terapiýasynda işleýän şepagat uýasy Sandra Lindsi, “Pfizer we BioNTech” tarapyndan işlenip düzülen COVID-19 garşy sanjymyny ilkinji bolup sanjym etdirdi. Sanjym etdireninden soňra Lindsi: “Bu gün özümi rahat duýýaryn we gowulaşarys diýip pikir edýärin” diýip öz duýgularyny beýan etdi.

Adamlara sanjymyň howpsuzdygyny nygtap geçen Lindsi, epidemiýany ýok etmek üçin her kimiň borjuny ýerine ýetirmelidigini hem belläp geçdi. Şeýle hem örtükleri ​​geýmegi we howpsuz aralyga üns bermegiň zerurdygyny hem aýtdy.

Häzirki wagtda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň “Twitter” jemgyýetçilik sahypasynda “ Birinji sanjym edildi. ABŞ-ny gutlaýarys. Bütin dünýäni gutlaýaryn” diýip belledi. Sanjym edilende göni wideo aragatnaşyk konferensiýasyna gatnaşan Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Kuomo: “Ilkinji sanjym Nýu-Ýorkly şepagat uýasy Sandra Lindsiýe sanjym edildi. Sandra köp sag boluň” diýip buýsanç bilen belledi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler