TEHNOLOGIÝA

“Samsung” “Appleden” öňe saýlandy

Geçen ýylyñ netijelerine görä, “Samsung Electronics” kompaniýasy dünýä bazarynda telefonyñ işleýis merkezi (prosessory) boýunça “Apple” kompaniýasyndan öňe geçdi. 2019-njy ýylda “Samsung” kompaniýasy öziniñ “Exynos” işleýiş merkezi (prosessory) bilen dünýa bazarynda 14,1 %  derejesinde paý aldy. Bu bolsa geçen ýyllardan 2,2 % has ýokary netije diýmekdir. Şol sanda “Apple” kompaniýasy bu ugurda 4-nji orny eýeleýär. Dünýä bazarynda “Apple”-iň paýy 0,5 göterim pese gaçdy we onuñ netijesi 13,1 göterime barabar boldy.

“Qualcom” we “MediaTek” kompaniýalary degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýeleýärler. Olaryñ dünýä bazarynda görkezen netijeleri 33,4  we 24,6  göterime deñdir.

Related posts

Sukerberg 31 milliard dollar ýitirdi

Ata Watan Eserleri

“Apple” smartfonyny bejermek üçin mümkinçilik berer

“Huawei” bassyr 2 aýdyr birinji