SPORT

Leroý Sane üçin 5 ýyllyk şertnama hödürlendi

Germaniýanyň “Bawariýa” topary Angliýanyň “Mançester Siti” toparynda oýnaýan Leroý Saneni satyn almagy meýilleşdirýär.

Şu ýylky möwsümiň ahyrynda bu transferiň başa barmagyna garaşylýar. German toparynyň sport işleri boýunça direktory Hasan Salihamijiç 24 ýaşly futbolçy bilen gyzyklanýandyklaryny mälim etdi. Saneniň wekilleri 1-nji aprelden soňra gepleşikler geçirmegi göz öňünde tutýar.

“Bawariýa” topary bu futbolça 5 ýyllyk şertnama hödürleýär. Şeýle hem “Sport Bild” neşiriniň habar bermegine görä, bu futbolçy bilen gyzyklanýan başga toparlar hem bar.

Leroý Saneniň “Mançester Siti” toparyndaky şertnamasynyň möhleti 2021-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar.

Related posts

FIFA Türkmenistanda futboly ösdürmek başlangyçlary goldaýar

Ata Watan Eserleri

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

“Real Madrid” Mbappe üçin resmi teklip etdi