JEMGYÝET

Ot galyndylaryndan bioýangyç öndürilýär

Angliýanyň «Ecotricity» ýaşyl energiýa kompaniýasy orlan gazonlaryň galyndysyndan bioýangyç almagyň ýoluny tapdy. Şeýlelikde, bioýangyjyň ýene bir täze çeşmesi peýda boldy.

Munuň üçin kompaniýanyň wekilleri seýilgählerde orlan gazonlaryň galyndylaryny ýygnap, ýörite tejribe geçirdiler. Şol tejribeler bioýangyja öwrülip biljek ownuk bölekleriň bardygyny ýüze çykardy.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, gazonlardan alynjak energiýa iýmit galyndylarynyň energiýasyndan has kuwwatlydyr. Şeýlelikde, olardan alynjak bioýangyç ulanyjylar üçin has amatly bolup biler.

Alymlar diňe gazonlardan alnan bioýangyç bilen Angliýanyň ýangyç zerurlygynyň ep-esli bölegini üpjün edip boljakdygyny aýdýarlar. Kim bilýär, ertir-birigün şeýle ýangyçlar eksporta hem goýberiler. Olaryň ekologiýa üçin zyýansyzdygyny bolsa aýratyn nygtamaly.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy