JEMGYÝET

Iň uly şaýy puly ýasaldy

Beýik Britaniýada ýurduň taryhyndaky ilkinji iň uly şaýy puly ýasaldy. Altyn puluň diametri 185 millimetr bolup, onuň agramy 7 kilograma deňdir. Bu şaýynyň nominal bahasy 7 müň funt sterlinge (8,9 müň dollara) deňdir.

Beýik Britaniýa Patyşalygynyň zikgehanasy bu altyn şaýy pullaryny Jeýms Bond baradaky soňky filmiň ekranlarda görkezilip başlanmagy mynasybetli ýasaldy. 7 kilogramlyk şaýyda Jeýms Bonduň “Aston Martin DB5” kysymly ulagynyň, “007” san belgisiniň we ýaragynyň suratlary oýulyp nagyş edilipdir.

Related posts

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär

5 million gorly kitaphana sanlylaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri

“Makul habar” elektron gazeti (43-sany)