JEMGYÝET

“Gremmi” baýraklary gowşuryldy

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde «Gremmi» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl 62-nji gezek geçirilen aýdym-saz ugry boýunça gowşurylýan “Gremmi” baýragynyň eýeleri mälim edildi. 18 ýaşly meşhur aýdymçy Billi Aýliş birbada 5 ugur boýunça “Gremmi” baýragyna mynasyp boldy.

Dabara gatnaşyjylar ilkinji bilen dikuçar heläkçiliginde aradan çykan dünýä belli meşhur basketbolçy Kobi Braýantyň ýagty ýadygärligini hatyraladylar. Soňra “Gremmi” baýraklary gowşuryldy.

Billi Aýliş «Ýylyň aýdymy», «Ýylyň ýazgysy», «Iň gowy ýaş aýdymçy» ugurlary boýunça baş baýragy mynasyp bolan bolsa, onuň “When We All Fall Asleep, Where Do We Go?”albomy bolsa “Ýylyň albomy” hem-de “Ýylyň pop-albomy” ugurlary boýunça öňdeligi eýelädi.

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň aýaly Mişel Obama hem “Gremmi” baýragyna mynasyp boldy. Mişel Obamanyň “Becoming” kitabynyň ses ýazgysy “Ýylyň söz bilen beýän edilen albomy” ugry boýunça baş baýraga mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri