JEMGYÝET

Dünýäniň iň çalt aýlanýan jisimi

ABŞ-nyň Perdiýu uniwersitetiniň alymlary ozal hem özlerine degişli bolan rekordy täzelediler. Çünki olar 2018-nji ýylda dünýäniň iň çalt aýlanýan jisimini ýasap bilipdiler. Ol minutda 60 milliard gezek aýlanyp bilýän jisimdir. Ýakynda bolsa alymlar ozalky netijäni 5 esse güýçlendirdiler. Täze jisim minutda 300 milliard gezek aýlanmaga ukyply. Bu barada «Nature Nanotechnology» neşiri habar berýär.

Ozalky tejribede bolşy ýaly, täze jisim hem wakuumda ― howasyz boşlukda aýlanýar. Ony aýlamak işi iki sany lazeriň üsti bilen alnyp barylýar. Lazerleriň biri jisimiň hereketlenmegine, ikinjisi bolsa ýokary tizlik bilen aýlanmagyna sebäp bolýar.

Täze tizlik bilen deňeşdirmek üçin diş lukmanynyň borly enjamynyň minutda 500 müň gezek aýlanýandygyny ýa-da iň çalt aýlanýan tebigy jisim bolan pulsaryň minutda 43 müň gezek aýlanýandygyny aýdyp bileris. ABŞ-ly alymlaryň baryp ýeten netijesi bolsa, pikir edip görüň, minutda 300 milliard gezek.

Ýene-de okaň

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Alp Arslan Begenjow Türkmenistana ilkinji erkin göreş medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi