JEMGYÝET

5 ýylda 500 göterim gymmatlady

Germaniýaly tälimçi Ýurgen Kloppyň tälim bermeginde Angliýanyň «Liwerpuly» ähli babatda ösüşini dowam etdirýär.

Biz ýene-de «Forbese» salgylanyp, 2015-nji ýylda, ýagny başyna Ýurgen Klopp geçen döwründe umumy bahasy 423 million dollar bolan klubyň häzir bahasynyň 2,5 milliard dollara ýetendigini görýäris. Baha diýenimizde klubyň oýunçylarynyň umumy transfer bahasy göz öňünde tutulýar. Ýagny, klub soňky bäş ýylyň dowamynda 500 göterim gymmatlady.

Ýurgen Klopp we onuň şägirtleri häzir has şowly möwsümi geçirýärler. «Liwerpul» Angliýanyň Premýer ligasynyň häzirki möwsüminde iň ýakyn bäsdeşi «Mançester Sitini» 14 utuk yzda galdyryp, ýaryş tertibiniň başyny çekýär.

Related posts

Milli Liderimiz: Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr

Daniel Radkliff “Garri Potteri” okar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy