GENEL

5 ýylda 500 göterim gymmatlady

Germaniýaly tälimçi Ýurgen Kloppyň tälim bermeginde Angliýanyň «Liwerpuly» ähli babatda ösüşini dowam etdirýär.

Biz ýene-de «Forbese» salgylanyp, 2015-nji ýylda, ýagny başyna Ýurgen Klopp geçen döwründe umumy bahasy 423 million dollar bolan klubyň häzir bahasynyň 2,5 milliard dollara ýetendigini görýäris. Baha diýenimizde klubyň oýunçylarynyň umumy transfer bahasy göz öňünde tutulýar. Ýagny, klub soňky bäş ýylyň dowamynda 500 göterim gymmatlady.

Ýurgen Klopp we onuň şägirtleri häzir has şowly möwsümi geçirýärler. «Liwerpul» Angliýanyň Premýer ligasynyň häzirki möwsüminde iň ýakyn bäsdeşi «Mançester Sitini» 14 utuk yzda galdyryp, ýaryş tertibiniň başyny çekýär.

Related posts

Türkmen metbugatynda – 12.03.2019

vepa

Kırgızistan, Türkmenistan’dan 2 milyar kilovat/saat elektrik aldı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’ın Tarafsızlığı BM’de 3.defa kabul edildi