DÜNÝÄ

“Warde partners” kompaniýa özüniň sekiz lýuks myhmanhanalary bilen hoşlaşdy

“Warde Partners” kompaniýasy özüniň Ýewropada ýerleşýän 8 sany kaşaň myhmanhanasyny satdy. Ol myhmanhanalaryň ählisini Amerikanyň Maýa goýum kompaniýasy satyn aldy. Her myhmanhananyň aýratynlykda bahasy barada maglumat ýok, ýöne hemme sekiz myhmanhananyň bahasyny bilelikde hasaplaňda 573 million ýewro deňdir. Olaryň arasynda aýratyn hem Wengriýanyň Budapeşt şäherinde ýerleşýän “New York Palace” we “New York Residence” diýip atlandyrylýan iki sany ajaýyp myhmanhanalary hem bar. Olaryň ikisi hem 5 ýyldyzly myhmanhanalaryň hataryna girýär. “New York Palace” myhmanhanasy 1894-nji ýylda gurlan, “New York Residence” myhmanhanasy bolsa XX asyrda gurulýar. Budapeştiň iň meşhur “New York” kafesi hem şol ýerde ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy