JEMGYÝET

Dünýäniň iň kiçi telefony – “Zanco Tiny T2”

Dünýäniň iň kiçi telefony diýen derejä Sanly ykdysadyýetitelefony eýe boldy. Fleşka ululygyndaky telefon mundan ozal iň kiçi telefon hökmünde tanalýan “Palm” telefonuny yzda galdyrdy.

Iň kiçi telefon adyna eýe bolan “Zanco Tiny T2” telefony köpçülige hödürlendi. Entek has köp mukdarda öndürilmedik bu telefon üçin “Kickstarter” internet portaly arkaly sargyt kabul edilip başlandy.

Onuň aýratynlyklary şeýle: 3G ulgamy arkaly işlär, radio we gulaklyk üçin ýörite ýeri bar, “Bluetooth” ulgamyna birigip bilýär. Şeýle hem onuň 0,3 megapiksel kamerasy bar.

Ony bir gezek zarýad berip, 7 gün ulanmak mümkin. Bu telefonyň uzynlygy 6,96 santimetre, ini 2,99 santimetre deňdir, agramy bolsa bary-ýogy 31 gramdyr.

“Zanco Tiny T2” telefonynda ozaldan ýerleşdirilen birnäçe oýun bolup, 32 gigabaýtlyk çip goýup, ulanmak mümkinçiligi hem bardyr.

Telefon yzygiderli öndürilip  başlananda onuň bahasy 79 dollara deň bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar