GENEL

Dünýäniň iň kiçi telefony – “Zanco Tiny T2”

Dünýäniň iň kiçi telefony diýen derejä “Zanco Tiny T2” telefony eýe boldy. Fleşka ululygyndaky telefon mundan ozal iň kiçi telefon hökmünde tanalýan “Palm” telefonuny yzda galdyrdy.

Iň kiçi telefon adyna eýe bolan “Zanco Tiny T2” telefony köpçülige hödürlendi. Entek has köp mukdarda öndürilmedik bu telefon üçin “Kickstarter” internet portaly arkaly sargyt kabul edilip başlandy.

Onuň aýratynlyklary şeýle: 3G ulgamy arkaly işlär, radio we gulaklyk üçin ýörite ýeri bar, “Bluetooth” ulgamyna birigip bilýär. Şeýle hem onuň 0,3 megapiksel kamerasy bar.

Ony bir gezek zarýad berip, 7 gün ulanmak mümkin. Bu telefonyň uzynlygy 6,96 santimetre, ini 2,99 santimetre deňdir, agramy bolsa bary-ýogy 31 gramdyr.

“Zanco Tiny T2” telefonynda ozaldan ýerleşdirilen birnäçe oýun bolup, 32 gigabaýtlyk çip goýup, ulanmak mümkinçiligi hem bardyr.

Telefon yzygiderli öndürilip  başlananda onuň bahasy 79 dollara deň bolar.

Ýene-de okaň

Azerbaycan ile Türkmenistan iş birliğinin geliştirilmesini görüştü

Azerbaycan tarafından Türkmenistan’a petrol tankeri hediye edildi

Ata Watan Eserleri

Bakü’de Türkmenistan Cumhurbaşkanı için resmi karşılama töreni düzenlendi

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan ziyareti başladı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Azerbaycan’a devlet ziyaretini gerçekleştirecek

PETRONAS yeni anlaşmalarla Türkmenistan’daki 30. yılını kutluyor