JEMGYÝET

«Atletiko» ýeňlip barýarka ýeňdi

«Kopa Del Reýde», ýagny Ispaniýanyň Futbol kubogynda täsin duşuşyk bolup geçdi. Ýarym finalda Madridiň «Atletikosy» biilen duşuşan «Barselona» 2:1 hasabyndaky üstünligi 81-nji minuda çenli saklap, soňky bäş minutda geçirden iki pökgüsi bilen utuldy. Şeýlelikde, «Kopa Del Reýiň» finalynda indi Madrid derbisine («Real» ― «Atletiko») tomaşa edip bileris.

«Kamp Naoda» ― Barselonanyň meýdanynda geçirilen duşuşykda derwezelere 5 pökgi girdi. Şolaryň ählisiniň hem ikinji ýaryma degişlidigi has gyzyklydyr. Has takygy, «Atletiko» 46-njy minutda Kokeniň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlandy. Ýöne «Barselonanyň» jogaby gijikmedi. «Katalonlaryň» superýyldyzy Lionel Messi 51-nji minutda hasaby deňledi. Hatda ýer eýeleri 62-nji minutda «Atletikonyň» ozalky futbolçysy Antuan Grzimanyň geçiren goly bilen öňe-de saýlandylar. Emma olar özlerini finala çykaryp biljek bu üstünligi diňe 19 minut saklap bildiler. 81-nji minutda «Atletikonyň» hüjümçisi Alwaro Morata 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi. Şondan 5 minut soňra Andre Korreýanyň geçiren pökgüsi Madridiň toparyna arzyly ýeňşi getirdi. Şeýlelikde, duşuşygyň soňky 10 minudyna çenli utulyp barýan «Atletiko» hasaby öz haýryna üýtgetmegi başardy.

«Kopa Del Reý» Ispaniýada «La Ligadan» soňra ikinji iri sport ýaryşydyr. Onuň ýeňijisi nobatdaky möwsümde Ýewropa boýunça halkara ýaryşlara we Ispaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini Ga­raş­syz­lyk gü­ni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy